Nebitgaz toplumynyň düzümleri ýazky bag ekmek dabarasyna guramaçylykly gatnaşdylar
11:49 17.03.2024 5473
Geçen şenbe güni ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi. Şonuň bilen bagly ähli welaýatlarymyzda, Aşgabat şäherinde we Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Döwlet derejesinde ýylyň-ýylyna guramaçylykly geçirilýän, asylly däbe öwrülen bu giň gerimli çärä milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ähli pudaklarynyň işgärleriniň müňlerçesi agzybirlikde gatnaşdylar. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasy badalga alan bag ekmek dabarasy toýlara beslenýän ýurdumyzyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy.
16-njy martda säher bilen ,,Türkmengaz’’, ,,Türkmennebit’’ döwlet konsernleriniň, ,,Türkmengeologiýa’’ döwlet korporasiýasynyň dolandyryş merkeziniň we pudaklaýyn önümçilik edara-kärhanalarynyň işgärleridir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň günbatarynda ýerleşýän nebitgaz toplumynyň Tokaý hojalygynyň bagçylyk zolagyna jemlendiler. Nebitgazçylar dag eteginde baharyň ajaýyp tämiz howaly ir ertirinde baglaryň idegini ýetirip, hapa-haşal otlardan arassalaýyş, düýbüni agdaryş, täze ekilen nahallaryň suwaryş işlerini ýerine ýetirdiler. Tokaý hojalygynyň giň meýdana ýaýylyp gidýän bag zolaklaryndaky düýbi ýumşadylan, timarlaýyş işleri geçirilen, ot-çöplerden arassalanylan saýaly we gyrymsy agaçlar, täze oturdylan nahallar ýaz paslynyň al-ýaşyl öwsüp görke gelýän häzirki günlerinde töweregiň öňküdenem gözelligini artdyrdy. Jana ýakymly howa gurşawy, bu ýerleriň tebigy özboluşlylygy we bahar günleriniň tenekarlygy bir bitewi sazlaşygy emele getirip, nebitgazçylarda ruhubelentlik döredip, ýakymly duýgulary oýardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda amala aşyrylýan, Tokaý zolaklaryny artdyrmak, daşky gurşawy gowulandyrmak maksadyndan ugur alýan giň gerimli ýazky bag ekmek dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýazky bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk çäresi bagly meýdanlaryň çägini giňeltmek bilen, paýtagtymyzyň, ähli sebitlerdäki şäherlerimiziň howa gurşawynyň hilini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Ekologiýa meselesinde çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almakda netijeli başlangyçdyr we tebigy şertlerden tapawulylykda adam eli bilen döretmäge mümkinçilik berýän elýeterli asylly işdir. Munuň özi oňyn netijesinem berýär. Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler adamlaryň abadan durmuşynyň hözirini artdyryp, amatly ýaşaýyş şertini kemala getirýär. Bu ählihalk işlerine ýurdumyzyň möhüm pudagy bolan nebitgaz toplumynyň düzümleri saldamly goşant goşýar. Ýazky bag ekmek möwsüminiň badalga alan güni, ähli welaýatlarymyzdaky nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi bu çärä işjeň gatnaşyp, bellenilen çäklerindäki bag zolaklarynda degişli işleri netijeli alyp bardylar.
2024-nji ýylda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde 1,5 million ýaprakly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallarynyň, beýleki sebitlerimizde hem 1,5 million nahallaryň ekilmegi meýilleşdirilýär. Diňe ,,Pähim-paýhas ummany Magymguly Pyragy’’ ýylynda ekiljek bag nahallarynyň sany hem Türkmenistanda adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň hilini ýokarlandyrmaklyga, daşky gurşawyň howa şertlerini gowulandyrmaklyga döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biri hökmünde garalýandygyna şaýatlyk edýär.
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.