"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy topragyň barlagyny geçirmek boýunça tender yglan edýär: 02.04.2024 - 15.04.2024

18:28 02.04.2024 1888

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy topragyň barlagyny geçirmek we onuň üçin gerekli enjamlar bilen üpjün etmek boýunça №PCT/TKG-SS/2024/002 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar.

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender_secretarytkm28@petronas.com.my

 Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81.

Başga makalalar