“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara tender yglan edýär: 04.04.2024

11:27 04.04.2024 1395

Hormatly jenaplar!

“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan Ýerasty gaz ammaryny (ПХГ) gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK-nyň Daşary ykdysady gatnaşyklar bölümi, iş otagy 17.24а salgysy boýunça:

- Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

- “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;

- Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär;

- Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär;

- Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasyny hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň almak bolar.

Habarlaşmak üçin: + (993 12) 40-32-40,

Faks: + (993 12) 40-32-59.

Başga makalalar