“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 03.04.2024 - 03.05.2024

15:31 08.04.2024 2580

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza №244 23.02.2024 – buraw reagenti (400 kg.), tehniki natriý bihromaty (150 kg.), köpük aýryjy (200 litr).

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1.Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;

2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak aşakda görkezilen salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, Balkanabat ş., Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 22293047; +993 222933045; +993 22223726.

Elektron salgylary:

sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar