Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy
06:51 04.04.2024 3946
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady diýip, TDH agentligi habar berýär.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary birnäçe wagtdan soň, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Duşenbeniň Halkara howa menziline gondy.
Bu ýerde düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.
Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, ruhy, taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşe eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar, şeýle hem soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maý aýynda Täjigistana bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Emomali Rahmon bilen şu gezekki duşuşygy uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.