Türkmenistan Täjigistana ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi
09:18 05.04.2024 3543
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň üstünden Täjigistana türkmen elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazyny ibermek we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmak barada teklip etdi diýip, TDH habar berýär.
Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda gürrüň edildi.
Energetika ulgamyna-da hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we gürrüňiň, hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazyny Özbegistanyň üstünden Täjigistana ibermek barada barýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, bu mesele eýýäm geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde Aşgabatda bolan duşuşygyň barşynda Prezident Emomali Rahmon bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýurtlarymyzyň Täjigistana nebit önümlerini ibermek ulgamynda gatnaşyk edýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň täjik tarapynyň isleglerine laýyklykda, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.