“Türkmengaz” döwlet konserni halkara tender yglan edýär: 09.06.2023 - 25.07.2023
10:50 09.06.2023 527
"Türkmengaz" döwlet konserni tender toparynyň adyndan Merkezi Garagum (Zäkli-Derweze) meýdançasyndaky ýataklardan alynýan gaz kondensatynyň topary üçin kuwwaty 2mlrd m3 bolan gaz kompressor stansiýasyny (ДКС) dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 40-32-50, (+99312) 40-32-40
Faks: (+99312) 40-32-59
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56