Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

11:49 10.05.2024 4088

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10800/original-1663dd2f2e69e8.jpg

Kabulda türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň dag magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşyk geçirildi.

“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow we Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow edaranyň ýolbaşçysy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişini we onuň bilen bagly dürli meseleleri jikme-jik maslahatlaşdylar diýip, Owganystanyň dag magdan we nebit ministrligi habar berýär.

Delawar türkmen wekiliýetini mähirli garşy almak bilen, Türkmenistany ýakyn goňşy we dostlukly millet hökmünde häsiýetlendirdi. Ol sebitiň döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady aragatnaşyklary berkitmegiň Owganystanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi.

Delawar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň strategik möhümligini belläp, TOPH taslamasynyň diňe bir Kabul üçin däl, eýsem, taslama gatnaşyjy beýleki üç döwlet üçin hem bähbitlidigini nygtady.

«TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň baş direktory ministrligiň ýolbaşçysy bilen söhbetdeşlikde soňky wagtlarda taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada jikme-jik durup geçdi, onuň amaly hem tehniki jähtlerine üns berdi we geljekki ädimleri belli etdi diýip, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasynda bellediler.

Gepleşikler şeýle hem işiň depginlerini tizleşdirmek barada ylalaşyklara getirdi: taraplar taslamanyň ähli taraplaryny netijeli utgaşdyrmak üçin ýörite iş toparlaryny döretmegi ylalaşdylar.

Şeýle hem TOPH taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň dünýä jemgyýetçiligine Owganystanda maýa goýum goýmagyň we iş orunlaryny döretmegiň hakyky mümkinçililiklerini açyp görkezjekdigi nygtaldy.

Delawar Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna TOPH taslamasyna goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi we ony tiz durmuşa geçirmegiň zerurlygyny nygtap, öz tarapyndan doly goldawy tassyklady.

Başga makalalar
1682b6901862c3.jpg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.


1621336247ceb6.jpeg
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


164ad1889d2303.png
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.


164ad17edd612f.jpg
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy

Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.


16214884bed496.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.