Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini we maddy-tehniki binýadyny berkitmegiň ýollary maslahatlaşyldy

13:19 11.05.2024 3920

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10810/original-1663f0ac321996.jpg

10-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki önümçilik kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Toplumyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Başga makalalar
1682b6901862c3.jpg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.


1621336247ceb6.jpeg
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


164ad1889d2303.png
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.


164ad17edd612f.jpg
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy

Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.


16214884bed496.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.