Türkmenistan we ÝB 14-nji maýda 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň tejribesini we geljegini maslahatlaşarlar
09:41 13.05.2024 4116
Türkmenistan we ÝB 14-nji maýda geçiriljek maslahatda 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşarlar.
10-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Forumyň mowzuklaýyn mejlislerinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl” energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ugurda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Forumyň çäklerinde “2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem şol gün DIM-niň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.