Türkmenistan bilen Russiýanyň özara haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 13% ýokarlandy
13:35 17.05.2024 4546
2023-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy fiziki aňlatmada 13% artyp, 678 million tonna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin blen duşuşygynda aýdyldy diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berdi.
Işewür duşuşyk Kazanda “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň barşynda rus harytlarynyň Türkmenistana iberilmeginiň fiziki aňlatmada 11% artandygy (542 million tonna çenli), şol bir wagtda Türkmenistanyň hem Russiýa eksportyny 22% artdyrandygyny (136 mln tonna çenli) belledi.
“Biziň ýurtlarymyz köpsanly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşandy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýäri” – diýip, Marat Husnullin belledi.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.