Türkmenistan we Şri-Lanka nebitgaz, himiýa senagaty, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine eýe
11:21 31.05.2024 5788
30-njy maýda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde nebitgaz we himiýa senagatlarynda, ulag-logistika toplumynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, oba hojalyk çygyrlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem mundan beýläkki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak we Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine garadylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.