Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmagyň wajypdygyny belledi
12:00 01.06.2024 4944
31-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz känlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan birnäçe guýularda, şol sanda guýulary özleşdirmek bilen bagly dolandyryş ulgamyny degişli enjamlar bilen üpjün etmek boýunça anyk çäreler görülýär.
Bu desgalaryň zerur maddy-tehniki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi olarda önümçilik işlerini alyp barmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmagyň wajyp bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany täze gaz guýularyny burawlamak we olary önümçilige doly birikdirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.