TESC 2024 halkara ylmy maslahaty ekologiýa we durnukly ösüş meselelerini çözmeklige ünsi çekýär
10:08 04.06.2024 6300
Ertir, 5-nji iýunda türkmen paýtagtynda “Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahat (TESC 2024) öz işine başlar. Maslahat jemgyýetçiligiň ünsüni ekologiýa we durnukly ösüş meselelerini çözmelige çekmeklige gönükdirilendir. Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän duşuşyk onda ara alnyp maslahatlaşyljak temalaryň möhüm ähmiýetini nygtaýar.
Iki gün dowam etjek TESC 2024 maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 31 döwletinden 250-den gowrak wekil hasaba alyndy. Maslahat häzirki döwrüň ekologiýa wehimlerini çözmegiň üstünde bilelikde işlemek üçin alymlary, barlagçylary we hünärmenleri birleşdirip, durnukly ösüşe tarap möhüm ädim bolar.
TESC 2024 bütin dünýäden belli alymlary we ylmy barlagçylary ýygnar. Oňa şol sanda, NASA-dan alym Dana Çedwik, “tüweleýiň awçysy” Jorj Kurinas, şeýle hem BMG-niň we SPE inžener-nebitçileriň jemgyýetiniň öňdebaryjy wekilleri gatnaşar.
Maslahatyň barşynda energetika mümkinçiliklerine, uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri maslahatlaşylar. Uglewodorodlary daşky gurşawa täsirleri mümkin boldugyndan azaldyp çykarmak, ýaşyl energetikany ilerletmek we onuň ösüşi üçin oňyn gurşawy döretmek boýunça innowasion çemeleşmelere aýratyn üns berler.
Şeýle hem wekilleri energiýanyň durnukly we dikeldilýän çeşmelerine geçişde ünsi jemläp, energetikanyň geljegi babatda pikir alşarlar. Şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak, kömürturşy gazyny utilizasiýa etmegiň usullary babatda maslahatlaşarlar.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.