Türkmenistanyň Prezidenti täze elektroenergetika desgalaryny işe girizmek dabaralaryna gatnaşdy

12:22 06.06.2024 8008

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11113/original-1666171398f828.jpg

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmelidir.

Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işler Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy.

Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Türkmenistanda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutany çykyşynda ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesiniň öňde goýlandygyna we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barlandygyna ünsi çekdi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna görä pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi hem elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegine uly mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa sebitde gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Garaşsyz Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça işleriň geljekde-de giň gerimde dowam etdiriljekdigini belledi.

Başga makalalar
1682b6901862c3.jpg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.


1621336247ceb6.jpeg
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


164ad1889d2303.png
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.


164ad17edd612f.jpg
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy

Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.


16214884bed496.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.