Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekilleri ýangyç-energetika we beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
12:36 07.06.2024 5755
6-njy iýunda geçirilen Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaýyň arasyndaky wideokonferensiýa görnüşinde duşuşykda nebit-gaz, himiýa we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda, esasanam söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, agzalan özara hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hereket edýän toparlaryň çykyş edýändigini bellediler.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlara döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň we netijeli duşuşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Nebit-gaz, himiýa we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda energetika, gaz himiýasy pudaklarynda, uglerod bitaraplygy we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.
Söhbetdeşler şu ýylyň awgust aýynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda Astana şäherinde geçiriljek sammitine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň 15-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada pikir alyşdylar.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.