Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň gepleşikleri geçirildi
10:54 11.06.2024 7610
10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzüminde dowam etdi.
Türkmen-koreý ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga;
- «Türkmengaz» döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary doly taýýar edip gurmak şerti bilen taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Aşgabat şäher häkimligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda energiýa infrastrukturasy we täze şäherleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Koreýanyň eksport-import bankynyň we Koreýanyň Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň işine ýardam bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.
Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylandygyny belledi.
Gepleşikler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.