Abatlaýjylaryň zähmeti üstünliklere beslenýär
08:32 20.06.2024 3287
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem Balkan welaýatyndaky ojaklarda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça 59 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 28,4 million kub metre barabar «mawy ýangyjyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň goşmaça alan nebitiniň «Körpeje» gaz çykaryş, «Galkynyşnebit» we «Ýaşyldepe» nebit-gaz çykaryş müdirlikleriniň her biriniň gürrüňi edilýän döwürde gazanan netijelerinden has artyk bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Bu görnükli netije «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň buýsançly üstünliklere beslenýändiginden habar berýär. Muňa şu ýylyň geçen bäş aýynda abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde tutuş trest boýunça 164-e derek 205 sany guýynyň gaýtadan hatara goşulmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Gürrüňi edilýän döwürde trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 147,9 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 222,1 göterim berjaý edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasyp görkezijidir. Bu üstünlige Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş toparlarynyň hünärmenleri has-da saldamly goşant goşmagy başardylar. Geçen bäş aýda trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 21 müň 290 tonnadan gowragy Goturdepe, 18 müň tonna barabary Gamyşlyja we 16,7 müň tonnadan köprägi bolsa Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär.
Ýeri gelende aýtsak, konserniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalaryň ählisi soňky ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bolan Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edildi. Guýy gazyjylar ýedi müň metre çenli dag jynslaryny gazmaga ukyply burawlaýjy desgalara eýe bolan bolsalar, guýulary düýpli abatlaýjylar ýük göterijiligi 80 tonnadan 120 tonna çenli bolan desgalary edindiler. Daşary ýurtlaryň kämil desgalaryna başarjaň erk edýän guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleri şu ýylyň diňe bir geçen maý aýynda önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň 37-sini abatlap, ulanyşa tabşyrdylar. Netijede, bir aýda tutuş trest boýunça 14 müň 798 tonna derek 18 müň 970 tonna «gara altyn», 4 million 960 müň kub metre derek bolsa 10 million 835 müň kub metr «mawy ýangyç» goşmaça alyndy.
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny
Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy
Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.