150 million kub metrden gowrak mawy ýangyç çykaryldy

12:54 21.06.2024 6298

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11217/original-16675780fd013f.jpg

2024-nji ýylyň bäş aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurduň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 24,9 müň tonna golaýlady. Bu bellenilen meýilnamanyň 106,7 göterim berjaý edilendigini hem-de müdirlik boýunça hasabat döwründe hereket edýän guýulardan 1 müň 568 tonna barabar «gara altynyň» bellenilen meýilnamadan artyk çykarylandygyny aňladýar. Kärhana tarapyndan garamagyndaky önümli gatlaklardan 150 million kub metrden hem gowrak mawy ýangyjyň çykarylandygyny  bellemek gerek.

Alnan tebigy gaz Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesiniň edara-kärhanalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň bu gymmatly önüme bolan islegini kanagatlandyrmaga gönükdirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Başga makalalar
1682b6901862c3.jpg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.


1621336247ceb6.jpeg
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


164ad1889d2303.png
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.


164ad17edd612f.jpg
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy

Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.


16214884bed496.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.