AZCHEMCO azerbaýjan kompaniýasy Türkmenistanda suwuk dökünleriň we agrohimikatlaryň önümçiligini ýola goýmaga taýýar

20:33 01.07.2024 2502

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11290/original-16679802f5f1ab.jpg

Bu barada AZCHEMCO holding kompaniýasynyň wise-başlygy Rifat Sultan-zade “Uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamagyň energetiki mümkinçilikleri, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly (TESC 2024) Aşgabatda iýunyň birinji on günlüginde geçirilen Halkara maslahatynda belledi. Söhbetdeşligi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

Rifat Sultan-zade teklibiňiz barada giňişleýin aýdyp beräýiň

- AZCHEMCO kompaniýasy suwda ereýän suwuk we toplumlaýyn dökünleriň hem-de agrohimikatlaryň önümçiliginde hususy tehnologiýalaryna eýe. Bu ugurda toplan baý tejribämizi paýlaşmaga taýýar.

Türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde biz Türkmenistanda suwuk dökünleriň önümçiligini ýola goýmagy başararys. Doganlyk döwletde täze önümçilige maýa goýmak bilen, kompaniýa karbamidiň esasynda düzüminde suwuk azot we kükürt saklaýan dökünleri, kükürt kislotalaryny we kükürdi öndürmegi we sebitde ýerlemegi meýilleşdirýär.

Mümkin bolan hyzmatdaşlary we müşderileri siziň önümiňiz nädip gyzyklandyryp biler?

- AZCHEMCO kompaniýasy “Dökün-Suwuk” azerbaýjan standartynyň awtordaşy bolup durýar. СОР29-a taýýarlygyň çäklerinde biz Azerbaýjanyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdik.

Bu hereketler biziň ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge bolan niýetimizi aňladýar. Netijede, dökünler öndürilende hiç hili nitratlar ulanylmaýar we degişlilikde, olardan ösdürilen iýmit önümlerinde nitrat yzlary bolmaýar. Mundan başga-da, suwuk dökünlerde birnäçe artykmaçlyklar bar:

Suwuk dökünler ýeňil özleşdirilýänligi we ulanyşda az suw sarp edýänligi üçin oba hojalygy üçin has özüne çekijidir. Suwuk azot dökünleriniň ulanylmagy azot turşusynyň bugunyň atmosfera zyňylmasynyň mukdaryny azaltmaga ýardam eder. Bu hili buglar parnik täsirini döredýär we ählumumy maýlama hadysasyna täsir edýär.

Biz oba hojalygynyň howanyň ählumumy üýtgemeginiň sebäpleriniň 8%-iniň oba hojalygyna degişliligini nazarda almalydyrys.

Gaýtalap aýtsak, Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly mukdaryny we onuň çykarylyşyny hasaba alsak, AZCHEMCО kompaniýasy ugurdaş alynýan kükürdi gaýtadan işlemek üçin öz tehnologiýasyny hödürlemäge we ony suwuk agrohimikatlaryň önümçiligine ugrukdyrmaga taýýar.

Ählumumy ekologiýa gün tertibinde, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işler babatda, türkmen tarapyndan hyzmatdaşlygyň geljegini nähili görýärsiňiz?

- Hyzmatdaşlygymyzyň geljeginiň diňe bir önümçilik wezipeleri bilen şertlenmedigi gürrüňsiz. Bu ugurda azerbaýjan we türkmen kompaniýalary bilen ylmy-barlag işini hem ýola goýmak zerurdyr.

Şu ýylyň noýabr aýynda Bakuda Howanyň üýtgemegi boýunça Maslahat geçiriler (СОР29). COP29-nyň prezidenti jenap Muhtar Babaýew howanyň üýtgemegine maýa goýumlaryny çekmek babatda işleri alyp barýar we howanyň üýtgemegi babatda baş maksatlara ýetmekde ösüş banklarynyň we halkara maliýe institutlarynyň möhüm ornuny belleýär.

Türkmenistanyň durnukly maksatlaryny nazara alyp, AZCHEMCO kompaniýasy howa maliýeleşdirmesiniň çäklerinde täze başlangyçlary düzmekde Türkmenistanyň institutlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar.

Şunuň bilen birlikde, biziň kompaniýamyz tarapyndan «A3 Climate Fund» howa gaznasyny döretmek taslamasy işe girizildi. Ol ählumumy howa meselelerini çözmäge ýardam eder.

“Ýaşyl geljege” ýetmekde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň, hormatly Prezidentlerimiz Ilham Aliýewiň we Serdar Berdimuhamedowyň ygrarlylygyny bellemek isleýärin. 

Biziň ýurtlarymyz gazylyp alynýan baýlyklara baý. Şol bir wagtda energetika howpsuzlyk meseleleri döwletlerimiziň milli howpsuzlyk meseleleriniň hatarynda seljerilýär. Azerbaýjan hem, Türkmenistan hem gazylyp alynýan ýangyçlaryň önümçiligine maýa goýmagy dowam etmek bilen, şol bir wagtda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri hem ünsden düşürmeýär.

Halklarymyzy asyrlaryň dowamynda taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrandygy aýratyn nygtalmalydyr. Bu gatnaşyklar bu günki gün ählumumy meseleleri çözmekde aýratyn wajyp.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkyny Türkmenistanda we onuň daşynda giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik şahyryň meşhur “Türkmeniň” goşgusyndan setirleri getirýärin:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Başga makalalar
1659648d34185f.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we nebit bitumy geleşikleriň özenini düzdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.


161ef8fd5a34f7.jpeg
Türkmenistanyň, Pakistanyň we Hindistanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistandan kärdeşi Subramanýam Jaýşankar we Pakistandan Şah Mahmud Kureýşi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161ef903530b70.jpeg
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Gruziýa awia ýangyç ibermekde lider boldy

2021-nji ýylda Gruziýa awiasion ýangyjyny ibermekde Türkmenistan birinji orny eýeledi diýip, Report agentligi Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşigine salgylanyp habar berýär. Geçen ýylda Türkmenistandan Gruziýa 57,7 müň tonna awiaýangyç iberildi.


161ef9088cfc3e.jpeg
TNGIZT-niň önümleri birža söwdalarynda esasy orny eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.


161ee55400ea1c.jpeg
Türkmenistanyň we HHR-niň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek çärelere taýýarlyk maslahatlaşyldy — DIM

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen şenbe güni «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti hem-de Pekin şäherinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.