Türkmenistan koreý kompaniýasynyň tekliplerine garamaga taýýarlygyny beýan etdi

19:28 28.06.2024 5691

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11278/original-1667ea2c80c5b1.jpg

27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, tagallalary birleşdirmek zerur hasaplanýar.

Türkmen şäherleriniň täze keşbini kemala getirmek, Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutany “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak, karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Başga makalalar
1619f200d75071.jpeg
Nebitgaz toplumynda işleriň netijelerine garaldy we onuň ykdysady ýagdaýy maslahatlaşyldy

24-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi.


1686234ac40782.jpg
Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy

Ýekşenbe güni, 29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.


1686297c52240a.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.


168637c65e4467.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda eksporta we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.


16863928d0c4df.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisi bilen bilelikdäki iri taslamalary maslahatlaşdy

30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.