Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

06:44 04.07.2024 5914

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11309/original-1668644ba4860d.jpg

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Bu babatda abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň Sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menzilinden Döwlet kabulhanasyna ugrady.

Başga makalalar
1682b6901862c3.jpg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.


1621336247ceb6.jpeg
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


164ad1889d2303.png
Geçen hepdede birža söwdalarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.


164ad17edd612f.jpg
Owganystanda Amyderýa basseýninde nebit çykarylyp başlandy

Owgan nebitçileri Amyderýanyň basseýninde ýerleşen kände nebit çykaryp başladylar diýip, owgan habar beriş serişdeleri habar berýär.


16214884bed496.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de üç dalaşgär hödürlenildi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler diýip, TDH agentligi habar berýär.