Türkmenistanda 2024-nji ýylyň başyndan bäri pudaklaryň işiniň netijeleri jemlenildi
14:15 14.07.2024 9779
12-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berdi.
Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Döwlet Baştutany giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy.
“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutany kanagatlanma bilen belledi.
Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar.
Nygtalyşy ýaly, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy, köp sanly täze senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi.
Şunuň bilen birlikde, ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezident geljekki meýilnamalara ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagynyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, Prezident aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça işler degişli guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylmalydyr. Geçiriljek bu işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýerine ýetirilmeli diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutany çykyşyny jemläp, ýurdumyz boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň umuman gowy bolandygyny aýtdy we ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça ýakyn günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berildi. Olaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy.
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.