«Nebitçi» nebitçileriň hyzmatynda
04:15 23.07.2024 18003
Döwletiň berkararlygynyň binýadynyň pugtalygy, döwrebaplygy, ilkinji nobatda, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesine bagly bolup durýar. Ata Watanymyzyň her bir ýaşaýjysynyň sagdyn, şähdaçyk hem-de ruhubelent ýaşamagy, işlemegi we sapaly dynç almagy üçin döredilýän şertler, sözüň doly manysynda, dünýä nusgalykdyr. Bu babatda diňe bir Balkan welaýatynda amala aşyrylan hem-de täze badalga berlen işlere nazar salanyňda hem ruhuň täzelenip, kalbyňa röwşenlik nury çaýylýar.
Türkmen gudratynyň ýene bir jedelsiz güwäsine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Balkan welaýatynyň çägindäki «Mollagara» we «Awaza» şypahanalaryny hem bu buýsançly hakykatyň sanawyna gypynç etmän goşsa bolar.
Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň merkezi şäherinde 1989-njy ýylda gurlup işe girizilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitçi» şypahanasy hem bu gün nebitgaz ýataklaryny tapmak, buraw işlerini alyp barmak, ýer astyndaky uglewodorod çig mallaryny çykaryp, gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan zähmet adamlaryna göreldeli hyzmaty ýola goýmagy başarýan şypahanalaryň biridir.
Bagy-bossanlyga bürenip oturan howludaky birbada 100 adamy kabul etmäge mümkinçiligi bolan bu bäş gatly ymarat daşky binagärlik gurluşynyň ajaýyplygy bilen birlikde, içki lukmançylyk otaglarynyň, ýatak jaýlarynyň, naharhananyň, dynç alyş zallarynyň we beýleki hojalyk düzümleriniň juda zynatlylygy, göwün göterijiligi, ýaraşykly mebeller bilen üpjünçiligi bilen-de tapawutlanyp, şypahana gelýänlere üýtgeşik ruhy lezzet paýlaýar.
2012-nji ýylda düýpli abatlanylyp, içki we daşky durkunyň doly döwrebaplaşdyrylmagy, iş otaglarynyň iň bir häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi bu şypahanada saglygyny berkitmek, dynç almak isleýänleriň sanyny hasam artdyrdy. Iň esasy zat bolsa, bu ýerde nebitçilere, olaryň maşgala agzalaryna lukmançylyk hyzmatlary ýokary hil ülňülerine laýyk alnyp barylýar. Şypahananyň lukmanlary-da, şepagat uýalary hem öz işleriniň hakyky ussatlary. Olaryň süýji dilliligini, güler ýüzlüligini göreniňde, ata-babalarymyzyň «Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa» diýen paýhasly sözi ýadyňa düşýär. Bir başa gulluk edýän halkymyzyň jan saglygyny barça baýlykdan ileri tutýan hormatly Prezidentimize buýsanjyň artýar. Zerur lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen fizioterapiýa, sirkulýar duş, duş şarko, bişofitli wanna, bejeriş-bedenterbiýe otaglary amala aşyrylýan bejergileriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerde dynç alýanlara ginekolog, terapewt we diş lukmanlary hem ýokary hilli hyzmatlary ýola goýýarlar. Balkanabatdaky nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlar bilen bu ýerde ýygy-ýygy çykyş etmegi dynç alýanlara çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Sport meýdançasy, hammam, sauna şypahana gelýänleriň hyzmatynda. «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinden ýollanmalar bilen gelýänleri bu ýerde üç wagtyna iň bir ýokary derejede taýýarlanýan milli tagamlar bilen naharlaýarlar.
— Biziň şypahanamyzda saglygyny dikeldip, berkidip hem-de dynç alyp gidýän raýatlarymyzdan gelip gowuşýan minnetdarlyk hatlary az däl. Munuň özi lukmanlarymyzyň, şepagat uýalarymyzyň we gaýry işgärlerimiziň öz gündelik işlerine jogapkärçilikli çemeleşýändiklerine, hünär ussatlyklaryna güwä geçýär. Terapewt lukman Eneke Berdiýewa, şepagat uýasy Aýbibi Hallyýewa, owkalaýjy Ezizmämmet Täçmämmedow, hojalyk işleri boýunça orunbasar Muhammet Meredow dagy yhlasly zähmeti bilen kärdeşlerine görelde bolmagy başarýarlar — diýip, şypahananyň baş lukmany Süleýman Hallyýew buýsanç bilen aýdýar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
Maksada okgunly işler
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkeziniň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» her bir iş gününi zähmet rowaçlyklaryna besleýärler. Munuň şeýledigine müdirligiň işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ilkinji aýynyň üstünlikli jemlenmegi hem doly güwä geçýär.
«Mawy ýangyç» — ojaklaryň höziri
Indi onlarça ýyldan bäri bagtyýar ildeşlerimiz gyşyn-ýazyn türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjyň» hözirini görüp gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de täze döreýän obalara, şäherçelerdir şäherlere gaz geçirijiler çekilýär.
Zähmet gadamy batlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde ýerleşýän gaz känleriniň ulanyş guýularyny burawlap, «mawy ýangyjyň» akymyny almak ugrundaky netijeli işlerinde konserniň beýleki edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, Ulaglar müdirliginiň hünärmenleridir işçileriniň hem goşantlarynyň saldamlydygyny aýtmak gerek. Kärhananyň işgärleri konserniň edara-kärhanalaryna buýurmalar esasynda ulag hyzmatlaryny öz wagtynda bökdençsiz ýerine ýetirýärler.
«Mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumlaryndan ruhlanýan Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlary hem şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Zawodlar toplumynyň täze önümi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we hilini ýokarlandyryp, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan hem-de dünýäniň ösen ölçeglerine gabat getirmekden, şeýle-de daşky gurşawy goramaga we ekologiýany arassa saklamaga gönükdirilen halkara talaplaryny doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.