Gurbanguly Berdimuhamedow: Owganystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar
12:07 12.09.2024 4930
Uly ähmiýetli desgalaryň düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky eden çykyşynda belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iri ýedi taslama — Türkmenistan — Owganystan— Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Mary welaýatynyň çäginde «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga berildi.
Şeýle hem Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň we “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine başlanýar. Mundan başga-da, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsi ulanmaga berildi.
Bellenilişi ýaly, bu taslamalaryň ykdysady, senagat we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem örän möhüm ähmiýeti bardyr. Olar Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän giň, çalt depginler bilen ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlarydyr hyzmatlary çykarmaga, logistika mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam berýär.
“Bu işleriň ählisi, öz nobatynda, sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam edýär. Owgan ugrunda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertler döreýär. Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin strategiýasyna doly laýyk gelýär. Munuň özi Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň, olara ýanaşyk ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge niýetlenendir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, hasaplamalara görä, bu taslamalar amala aşyrylanda, owgan halky üçin iň azyndan 12 müňden gowrak iş ornunyň dörejekdigini, her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdäniň gelip gowuşjakdygyny, munuň bolsa diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem, sebite hem öz oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.
Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir. Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine, abadançylygyna gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da, biziň maksatlarymyz ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmekden ugur alýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we goňşularymyza bilelikde bu taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.