“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 04.11.2024 — 04.12.2024

11:01 06.11.2024 1102

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda marketing soraşmasyny geçirýär:

Arza №283 17.09.2024 ý. –– mebel, enjam we materiallar (13 pozisiýa).

Tendere gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we aşakda görkezilen salga ibermeli;

2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 22293047; +993 222933045; +993 22223726.

Elektron salgysy:

sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar