Türkmenistan we BAE ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär
10:09 26.11.2024 4461
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi üns merkezinde boldy diýip, TDH habar berýär.
BAE-niň wekiliýetiniň düzümine Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber girdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen, şol sanda maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOС) bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwatynyň, geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň BAE bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyz ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şunda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge goşan uly goşandy bellenildi. Bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk oňyn tejribesi toplandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “ADNOC” kompaniýasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belledi.
“Bu Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygymyzy beýan edýäris. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrýarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Türkmenistanyň anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Halk Maslahatynyň Başlygy uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistanda öndürilýän gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýandygyny, ýakynda bolsa “Galkynyş” gaz käninde çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metre deň bolan täze tebigy gaz akymynyň alnandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitiň ýurtlarynyň türkmen tebigy gazyny “swap” usulynda import etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Dostlukly ýurduň wekilleri Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň we bu ugurda degişli hukuk binýadynyň döredilendigini bellediler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA
OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi. ICE Futures biržasynda TTF üçin golaýdaky fýuçersiň bahasy penşenbe güni irden müň kub metri üçin 2311 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde söwdalaşyklar 2200 dollardan başlandy diýip, Interfaks habar berýär.
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär
«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda nebit guýularyndan ugurdaş gazlaryny toplap, onuň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almak ugrunda iş alyp barýar.
Brend nebiti 99,11 dollara çenli arzanlady
Deslapky günüň söwdalaşyklarynda ynamly ösüşden soň, anna güni söwdalaryň barşynda nebitiň bahalary aşaklaýar diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda energetika we beýleki ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy fewral aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.