CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 02.12.2024 – 11.12.2024

17:34 07.12.2024 1599

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň “A” blogundaky Önümçilik bölüminiň gaz gysyjy desgasy üçin ýag satyn almak boýunça № CIT-24038-MR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Kompaniýa barada gysgaça maglumat, şol sanda hasaba alyş maglumatlary (ygtyýarnama, guramanyň kody görkezilen sertifikatlar, salgyt hasaba alyş şahadatnamasy we ş.m.).
  • Kompaniýanyň soňky üç ýyl boýunça maliýe ýagdaýy, şol sanda auditor barlaglary barada maglumatlar.
  • Kompaniýa tarapyndan deslapky saýlama tapgyryndan geçen ýagdaýynda we bäsleşige gatnaşyljak halatynda bank kepilligini bermäge taýarlygy barada resmi hat. 
  • Ygtyýarnamanyň togtadylmajakdygyny, ýatyrylmajakdygyny, bankrot diýlip yglan edilmejekdigini ýa-da başga bir sebäpli şertnamany ýerine ýetirip bilmezlik ýagdaýynyň bolmajakdygyny wada berýän kärhananyň kanuny ýa-da ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilen we resmi möhür bilen tassyklanan güwä haty.
  • Ýerli kompaniýalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza bolandygyny tassyklaýan hasaba alyş şahadatnamasynyň göçürmesi.

Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.  

     Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993-12-44 54 34

Faks: +993-12-44 50 44 

Başga makalalar