Türkmenistanda 2025-nji ýylyň forumlarynyň, maslahatlarynyň we sergileriniň maksatnamasy neşir edildi
11:46 08.01.2025 11898
Türkmenistanda her ýyl halkara derejeleri maslahatlar, forumlar we sergiler her ýyl ýokary guramaçylyk esasynda geçirilýär. "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli 2025-nji ýylda hem ýurdumyzda köpsanly forumlar, maslahatlar, sergiler guralar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda şu ýylyň dowamynda geçiriljek forumlaryň, maslahatlaryň we sergileriň meýilnamasy şulardan ybaratdyr:
— Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat – 18-nji fewral;
— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – 17-19-njy mart;
— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty – 20-nji mart;
— Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum – 23-24-nji aprel;
— «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka – 29-njy aprel – 1-nji maý;
— «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty – 29-30-njy aprel;
— «Ak şäher Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisi – 24-25-nji maý;
— «Turkmentextile Expo-2025» atly halkara sergi-ýarmarkasy – 11-13-nji iýul;
— «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy – 21-23-nji awgust;
— Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumy (TIF) we sergisi – 18-20-nji sentýabr;
— Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi – 18-20-nji sentýabr;
— «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty – 3-5-nji oktýabr;
— «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty – 10-12-nji oktýabr;
— «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly halkara maslahaty we sergisi – 22-24-nji oktýabr;
— Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty – 12-14-nji noýabr;
— «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi – 14-nji noýabr;
— «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2025» atly halkara maslahaty we sergisi – 26-27-nji noýabr;
— Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi – 3-5-nji dekabr.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.