Türkmenistan 2025-nji ýylda Durnukly Ösüş Maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär
20:34 16.01.2025 661
2025-nji ýylda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Durnukly Ösüş Maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda aýdylýar.
“Bu maksatlara diňe häzirki zaman dünýä ulgamynyň esasy ösüş hadysalaryna ähli döwletleriň doly görnüşde gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmek, geljegiň ykdysadyýetine çäk goýmaklyk, birtaraplaýynlyk, syýasatlaşdyrmaklyk we kemsitmeklik bolmazdan täze çemeleşmeleri döretmek arkaly ýetmek mümkindir” diýlip resminamada bellenilýär.
Türkmenistanyň ädimleri Durnukly Ösüş Maksatlary babatda bilelikdäki işe hem-de geoykdysadyýetiň durmuşa geçirip boljak we uzakmöhletleýin nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Munda energetika özgerişligi we ulag arabaglanyşygy ýaly iki strategiki ileri tutulýan ugruň durmuşa geçirilmegine kesgitleýji orun berilýär.
Türkmenistan tarapyndan ýaňy-ýakynda öňe sürlen Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnuklylygy boýunça hyzmatdaşlygyň Bileleşigini hem-de Durnukly ulag baglanyşygynyň Ählumumy Atlasyny döretmek baradaky tekliplere düşünilmegini we olaryň goldanylmagyny gazanmak zerurdyr diýlip, Konsepsiýada bellenilýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan pes uglerodly energetika geçmek arkaly energetika özgerişligini amala aşyrmagyň strategiki ugruny saýlady. Bu ýagdaýda agzalan ýoldan gitmek isleýän döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirjek, energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek üçin zerur şertleri döredip biljek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini mümkin boldugyndan köp ulanmak üçin özleriniň howa we geografiki artykmaçlyklaryny peýdalanmaga mümkinçilik berjek çemeleşmeler hem zerur diýlip hasaplanýar.
Bu çemeleşme ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig mal öndürmekde we gaýtadan işlemekde we beýleki birnäçe ugurlarda ekologiýa ölçegleriniň gyşarnyksyz ileri tutulmagyny, şeýle hem ilatyň ekologiýa sowatlylygyny, biliminiň we aň-düşünje derejesiniň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda adaty energiýa çeşmeleriniň «ýaşyl» gün tertibine esaslanýan täze çeşmeler bilen utgaşdyrylmagy we sazlaşykda ulanylmagy talap edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan «ýaşyl diplomatiýa» hem-de umumy jogapkärçilige esaslanjak, hususy we toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçjek, umumy bähbitlere hyzmat etjek özara gatnaşyklaryň görnüşlerini dünýä giňişliginde ilerletmäge aýratyn üns berer diýlip, resminamada bellenilýär.
Türkmenistanyň ýaşululary Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesini ýaş ýolbaşça bermek kararyny goldadylar
Anna güni geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentlik wezipesini ýaşlara berip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde galmak kararyna gelendigini habar berdi.
Türkmenistanda 2021-nji ýylda Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazanyldy
Türkmenistanda 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkeziji gazanyldy, ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gaz çykaryldy. Bu barada 11-nji fewralda geçirilen Hökümetiň 2021-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow habar berdi.
Türkmenistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlaryna taýýarlyk işleri başlandy
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 14-nji fewraldan Türkmenistanyň Prezidenti nobatdan daşary saýlawlaryna taýýarlyk işlerine başlady.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda işiniň netijelerine garaldy
16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.