Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny makullady
09:45 27.01.2025 9179
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny makullady. Taslamanyň taýýarlyk işleri barada wise-premýer H.Geldimyradow geçen anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Maksatnamanyň taslamasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan”, 2025-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanyldy.
Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň dowamynda makroykdysady görkezijileri we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, milli ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we netijede, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk, beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, mundan beýläk-de döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, dürli ulgamlarda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ýurdumyza maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goldamagyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda işler geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem wise-premýer Maksatnamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň bellenilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri barada anyk sanlar we maglumatlar getirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, ähli pudaklarda döwrebap önümçilikleri döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu özgertmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanan “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.