Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýylyň jemlerine garaldy
15:33 09.02.2025 3534
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde, döwrüň gazananlary esasynda ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämil tehnikalar we enjamlar, innowasion tehnologiýalar esasynda yzygiderli berkidilýändigini, şonuň netijesinde pudagyň öňünde möhüm wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmakda, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini toplumyň işinde giňden ulanmakda, «Galkynyş» gaz käninde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işleri güýçlendirmekde, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde alnyp barlan işler hem-de täze 2025-nji ýylda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda meýilleşdirilýän we alnyp barylýan iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, onda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, ýaş hünärmenleriň önümçilik desgalarynda bolup, ýerlerde ýola goýlan işler bilen ýakyndan tanyşmaklarynyň möhümdigini belledi. Wise-premýer Batyr Amanow «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw edip, anyk wezipeleri kesgitledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew nebitgaz toplumynda ileri tutulýan ugurlary nygtap, täze ýataklary gözlemek we açmak, iri taslamalary durmuşa geçirmekde täze tehnologiýalary öwrenmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, toplumyň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek we beýleki wajyp wezipeler dogrusynda durup geçdi.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.