Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
08:43 15.02.2025 3845
14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 104,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 103,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 124,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, önümçilik desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de döwlet Baştutany geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.