Aşgabatda IFT 2025 halkara forumynda Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar maslahatlaşylar

15:44 20.02.2025 3923

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/13252/original-167b6f1eac1ccf.png

18-nji martda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" (IFT–2025) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «ТМТ Consulting Group» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guralýan forum maýadarlary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirer.

Guramaçylaryň habar bermegine görä, häzirki wagtda foruma gatnaşmak üçin 21 döwlete wekilçilik edýän 100-den gowrak wekil ýüz tutdy.

IFT–2025 gatnaşyjy kompaniýalara geljegi uly taslamalary görkezmäge, ygtybarly hyzmatdaşlary tapmaga we forumyň meýdançalarynda sebitleýin işewürligi ösdürmek strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

Forumyň çäklerinde öňdebaryjy ykdysadyýetçileriň, işewürler dünýäsiniň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda panel ara alyp maslahatlaşmalary, ýurduň esasy ykdysady pudaklarynda maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýän networking sessiýalary geçiriler.

Forumyň çäginde görkezilen taslamalar IFT–2025-iň resmi saýtynda hem ýerleşdiriler.

Forum barada has giňişleýin maglumaty resmi saýtynda alyp bolar: www.ift.com.tm 

Başga makalalar
164d5eaf579f7d.jpg
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy

2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


1685ce39cb1ef8.jpg
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.


16225a29a559b6.jpeg
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy

Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.