Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda iki aýyň jemlerine garaldy
14:24 09.03.2025 3054
9-njy martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, onuň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýändigini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi hem-de pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak, howa şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, täze ýataklary gözlemek we açmak, iri taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurt kompniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, ulgamda ylmy-innowasion täzelikleri öwrenmegiň, ýaş hünärmenleriň ýerlerde bolup bilimlerini we tejribelerini artdyrmagyň, iş tejribelerini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Wise-premýer Batyr Amanow pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.
Birža söwdalarynda ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz, polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM-niň ýolbaşçysy
Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli açylan ikinji wirtual sergä gatnaşýar
Penşenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan wirtual sergi açyldy. Bu dabaraly çäreler Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
«Awazada» geçirilen maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň mundan beýläkki özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň ministri bilen TOPH taslamasy barada pikir alşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy.