Türkmenistan ilatyň ýaşaýyş şertlerini hemmetaraplaýyn gowulandyrýar
14:15 14.03.2025 6820
Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýyl guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) tarapyndan Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar aralygy üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýa saýlandy. Bu waka, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasy boldy.
Bu ýöriteleşdirilen we abraýly guramada iş alyp barýan Türkmenistan sebitleýin we bütindünýä derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmagyny dowam etdirýär. Durmuş ösüşi Türkmenistanda hemişe aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi bu ugur göni halkymyzyň gazanýan üstünliklerine we abadançylygyna täsir edýär.
Ykdysady durnuklylyk BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň esasyny düzýär. Türkmenistan DÖM-e ýetmek ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar we bu ugurda döwletler hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurdaky esasy ugurlar, "Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş boýunça Çarçuwaly Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynda" kesgitlenendir. Häzirki wagtda Türkmenistan 2026-2030-njy ýyllar üçin şonuň ýaly resminamanyň üstünde işleýär.
Döwletimiz 2030-njy ýyla çenli ösüşiň esasy "üç sütüni" hökmünde ykdysadyýeti, durmuş ulgamyny we ekologiýany kesgitledi. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde taýýarlanan hem-de geçen ýylyň dekabrynda kabul edilen 2025-2027-nji ýyllar üçin DÖM boýunça hasabatlylygy pugtalandyrmak boýunça Ýol kartasy, bu ugurda ulgamlaýyn çemeleşmäni we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
"Bütindünýä jemgyýetçiligi, Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan maksada okgunly işini we bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmekde anyk ädimleri ätýändigini ýokary bahalandyrýar" diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş belledi.
Ýurtda DÖM-iň milli maksatnamalara goşulmagy we olara uýgunlaşdyrylmagy boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar we bu ugurda uly üstünlikler gazanylýar. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi, göni durmuş syýasaty, adam maýasynyň ösüşi, ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Ýurduň ilatynyň ýokary durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet býujetiniň esasy bölegi sosial üpjünçilige gönükdirilýär, bu bolsa içerki syýasatyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
"Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakyndaky" Kanuna laýyklykda, 2025-nji ýylda býujet serişdeleriniň 76%-den gowragy (26 milliard manatdan gowrak) ilatyň zerurlyklary üçin bölünip berler. Bu serişdeleriň 37,2%-i bilime, 13,4%-i saglygy goraýşa, 2,9%-i medeniýete, 37,4%-i sosial üpjünçilige we 9,2%-i ýaşaýyş jaý üpjünçilik hojalygyna gönükdiriler.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, durmuş syýasaty şu ýyl hem ýurduň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap zähmet haklary, talyp haklary, pensiýalar we kömek pullary 10% ýokarlandyryldy. Bu çäreler döwlet býujetinde hem göz öňünde tutulandyr. Döwlet weteranlar, maýyplar we goldawa mätäç beýleki raýatlar üçin goşmaça ýeňillikleri döredýär.
Ýurduň 2022-2052-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli ykdysady-syýasy ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna ýardam berdi. Ykdysady kuwwaty berkitmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş goragynyň üpjün edilmegine, saglygyň we abadançylygyň berkidilmegine uly täsirini ýetirýär.
"2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi we maýa goýum maksatnamasyna" laýyklykda, geçen ýyl ýurtda jemi 38 milliard 500 million manat möçberinde maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi meýilleşdirildi, 2025-nji ýylda bolsa bu görkeziji ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna 40,1 milliard manada ýetiriler.
2024-nji ýylda serişdeleriň uly bölegi esasan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, senagat we durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak üçin gönükdirildi. Döwlet, bu strategiki möhüm uguryň üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin toplumlaýyn çäreleri kabul etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça milli we döwlet maksatnamalaryny amala aşyrýar. Bu işleriň oňyn netijeleri, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyga täze itergi berýän giň möçberli taslamalarda öz beýanyny tapýar. Tebigy we ykdysady amatly şertler, daşary ýurt maýadarlar üçin döredilen ýeňillikler we mümkinçilikler ýurduň geljegini has-da açýar. Ýurduň maýa goýum syýasaty hem ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
EKOSOS-yň mejlisinde geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna hem saýlandy. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň 10-dan gowrak komitetiniň hem-de komissiýasynyň agzasydyr. Ýurdy birnäçe gezek Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň, komissiýalarynyň wise-başlyklygyna we geňeş agzalygyna saýladylar.
Täze döwürde döwletiň giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy we dünýäniň syýasy-ykdysady giňişligine çuňňur integrasiýasy uly ähmiýete eýedir. DÖM-iň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara hyzmatdaşlyk babatynda möhüm şertleriň biri bolup, şol sanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. BMG bilen netijeli gatnaşyklaryň esasy binýady, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki işjeň orny hem-de möhüm meseleleriň çözgüdine gönüden-göni goşant goşmagydyr.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.