TEIF 2025 halkara forumyna 42 döwletden 470 wekil gatnaşar

07:39 23.04.2025 5050

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/13835/original-1680782a558b6f.jpg

Çarşenbe güni, 23-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy – TEIF 2025 öz işine başlaýar. Bu iri möçberli çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Forum «Turkmen Energy Forum» HJ-niň goldawynda geçirilýär.

22-nji aprelde «Turkmen Energy Forum» tarapyndan berlen maglumata görä, ýerli wagt bilen sagat 14:00-dan 21:00-a çenli Mandarin Oriental Kuala Lumpur myhmanhanasynda forumyň wekillerini bellige almakly geçirildi. TEIF 2025 forumyna dünýäniň 42 döwletinden 470 wekil gatnaşar.

Forumyň resmi açylyşy 23-nji aprelde, Kuala-Lumpur Konferensiýa merkezinde (KLCC) geçiriler.

Türkmenistandan gelen ýokary derejeli wekiliýet TEIF 2025 forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasyny we energetika mümkinçiliklerini tanyşdyrar.

Türkmenistan ygtybarly energetiki hyzmatdaş hökmünde we Ýewraziýada strategiki merkez hökmünde abraýdan peýdalanýar. Hut şonuň üçin hem TEIF 2025 forumy ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm meýdança bolar.

Forumyň umumy mejlisleriniň birinde çykyş etjekleriň hatarynda PETRONAS toparynyň prezidenti we baş direktory Şri Tengku Muhammet Taufik bar. Ol «Bütindünýä parahatçylyk we ynam ýyly: dünýäniň energetika geljeginde Türkmenistanyň orny we durnukly ösüşe goşandy» atly mowzuk bilen çykyş eder. Onuň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň çuňlugyny hem-de PETRONAS-nyň dünýä energetika geçişine we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär.

Birinji sessiýada çykyş etjekleriň arasynda Hytaýyň CNODC kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary U Daweý hem bar. Ol «Türkmenistanda energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa» temasy boýunça çykyş eder. Hytaýyň energetika strategiýasyna esaslanyp, onuň garaýyşlary sebitleýin energiýa howpsuzlygy we monetizasiýa modelleri boýunça möhüm maglumatlary berer.

Dördünji sessiýada bolsa Pakistanyň Söwda-senagat palatalar federasiýasynyň wise-prezidenti Zaki Aýdjaz çykyş eder. «Türkmenistan bilen Malaýziýanyň hususy pudaklarynyň arasyndaky sinergiýany pugtalandyrmak: senagat we hyzmatlary ösdürmek» temasy boýunça çykyş etmek bilen, ol global günorta ýurtlaryna gönükdirilýän halkara maýa goýum akymlarynyň barha artýandygyny nygtar.

Forumda çykyş etjek beýleki belli wekilleriň hatarynda: BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we jemgyýetçilik komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Armiýda Salsiýa Alişahbana; Energetika Hartiýasynyň sekretariatynyň baş secretary Atsuko Hirose; OPEK-iň baş sekretary Haýtam Al Gaýs; Bütindünýä gaýtadan dikeldilýän energiýa agentliginiň (IRENA) baş direktory Fransesko La Kamera; Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň (GECF) baş sekretary Mohamed Hamel; PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd-nyň baş direktory Ismadi bin Ismail; Halkara Energetika agentliginiň (IEA) ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol; XRG-niň (ADNOC) iş ösüşi boýunça direktory Abdulla Al Şamsi; Global Gaz Merkeziň (GGC) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro bar.

Forumuň dowamynda özara düşünişmek baradaky birnäçe Ähtnamalara we hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Başga makalalar
164d5eaf579f7d.jpg
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy

2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


1685ce39cb1ef8.jpg
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.


16225a29a559b6.jpeg
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy

Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.