Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

07:38 23.04.2025 5850

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/13833/original-168087336b7620.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, biz giň gerimli döwlet maksatnamalaryny, ýurt we sebit maksatly iri taslamalary durmuşa geçirýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar” diýip, döwlet Baştutany belleýär.

“Bu babatda ýurdumyzda hukuk binýady halkara ülňülere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, daşary ýurtly maýa goýujylar üçin ýeňillikler we kepillikler göz öňünde tutulýar. Abraýly halkara maliýe guramalary hem-de banklar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny hem-de hususy pudagy ösdürmek babatda uzak geljegi nazarlaýan taslamalary durmuşa geçirýär. Şeýle taslamalary halkara maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär”.

“Energetika döwleti bolan Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, bu pudaga uly möçberde maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, nebitiň we gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna mümkinçilik döredýär. Munuň özi gaýtadan işleýän senagatyň hem sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Diýarymyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de gury ýerde özara bähbitli şertlerde birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar esasynda hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar we geljekde bu işleriň depginini güýçlendirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

«Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň hem-de energiýa geçirijileriniň gurluşygyny netijeli dowam etdirmek häzirki wagtda öňde goýlan möhüm wezipelerdir. Bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýangyç-energetika pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, sebitde energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşar” diýip, döwlet Baştutany nygtaýar.

“Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň dowamynda oňa gatnaşýanlar uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, gaz geçirijileriň eksport mümkinçilikleri, tebigy gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa pudagyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlary barada tejribe alşarlar diýip pikir edýärin. Gurluşyk, ulag, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, senagat önümçiligi, oba hojalygy, dokma we azyk önümleriniň eksporty, metanyň hem-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, «ýaşyl» energetika ýaly möhüm ugurlar boýunça olaryň degişli teklipleri hödürlejekdigine ynanýaryn” diýip, Gutlagda bellenilýär.

Başga makalalar
164d5eaf579f7d.jpg
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy

2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


1685ce39cb1ef8.jpg
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.


16225a29a559b6.jpeg
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy

Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.