Türkmenistanda «ÝAŞYL ENERGIÝA — ÝAGTY GELJEK» bäsleşigi yglan edilýär
04:42 06.05.2025 2975
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni, "Nebit-gaz" gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ)) GmbH we “Ussatnews” elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde “ýaşyl energiýa”, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energotygşytlylyk we Türkmenistanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan işlerine bagyşlanan iň gowy makalalaryň bäsleşigini yglan edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly eserinde dünýä halklarynyň abadan we howpsuz geljegini üpjün etmegiň ylmy-tehniki özgertmeleri, energiýa çeşmelerini tygşytly peýdalanmagy we durnukly çözgütleriň durmuşa geçirilmegini talap edýändigini nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, “ýaşyl” energiýanyň adamzat durmuşynda tutýan ornuny öwrenmek Türkmenistanyň durnukly ösüşi üçin aýratyn möhümdir.
«Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» bäsleşigi jemgyýetiň durnukly ösüş we oňa degişli meseleler babatda habardarlygyny ýokarlandyrmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we öndebaryjy energiýa tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmany höweslendirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, bu bäsleşik täze pikirleri, tejribe alyş-çalşygyny ýaýbaňlandyrmagy, daşky gurşawy goramak we energotygşytlylyk meselesine oňyn garaýyşy ösdürmegi maksat edinýär.
Bäsleşige gyzyklanma bildirýänleriň hemmesi gatnaşyp biler. Awtorlara özboluşly pikirleri, täzeçe çemeleşmeleri we amaly çözgütleri beýan edýän makalalary bilen paýlaşmak hödürlenýär. Makalalar mazmun taýdan logiki gurluşly, ynandyryjy esaslandyrylan we köpçülik üçin elýeter düşnükli dilde ýazylmalydyr. Awtor barada doly maglumatlaryň (ady, öý salgysy, iş ýeri, telefon belgisi) görkezilmegi hökmanydyr.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň tutuş dowamynda geçirilip, netijeleri 2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda jemlener. Iň oňat makalalar “Nebit-Gaz” gazetiniň sahypalarynda, şeýle hem oilgas.gov.tm we ussatnews.com web sahypalarynda bäsleşigiň «Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» şygary astynda çap ediler.
“Nebit-Gaz” gazetiniň redaksiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri,Arçabil şaýolunyň 58-nji jaýy. Telefon belgisi: (+99312) 44-08-40. E-mail: nebit-gazgazeti@oilgas.gov.tm.
Bäsleşige hödürlenen makalalara ýörite döredilen eminler toparynyň baha bermeginde netije çykarylyp, oňa görä ýeňijilere Minnetdarlyk hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň baýraklaryny maliýeleşdirmek Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024 – 2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» taslamasynyň çäklerinde üpjün edilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.