Stambulda Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri görkezildi
04:22 04.07.2025 2107
Stambulyň sergi merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. 2-nji iýuldan 5-nji iýula çenli dowam etjek bu çäre döwlet Baştutanlarynyň işjeň goldaýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösmeginiň aýdyň beýany boldy diýip, Orient habar berýär.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmeginden soňra, türkmen öndürijileriniň uly mümkinçiliklerini nygtap çykyşlar boldy. Serginiň ýokary tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň we öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalyş meýdançasy bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat gatnaşdy. Ol çykyşynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçli depginde ösýändigini nygtady.
— Biziň baş maksadymyz — söwda dolanyşygynyň mukdaryny gysga wagtda 5 milliard dollara ýetirmek — diýip, ministr Bolat belledi. Ol şu ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň takmynan 26,3% ýokarlanyp, 2,2 milliard dollara ýetendigini aýtdy. Ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji 3 milliard dollardan geçer diýip garaşylýar.
Ministr şeýle hem ikitaraplaýyn söwdada deňagramlylygy saklamagyň we dürli görnüşli önümleriň eksportyny artdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegi iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan goýlan uly maksatlara ýetmäge ýardam eder.
Ömer Bolat şeýle hem 2026-njy ýylyň 13-15-njy fewralynda Aşgabatda nobatdaky Türkiýäniň eksport sergisiniň geçiriljekdigini hem mälim etdi.
Ministr gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hem durup geçdi. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji martynda gol çekilen “Tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” we “Meýiller Jarnamasyna” aýratyn üns çekdi. Türkmenistanyň gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazaryna iberilmeginiň diňe bir ykdysady däl, eýsem strategik ähmiýetiniň hem bardygyny nygtady.
Sergide eksport üçin hödürlenýän ýokary hilli önümleriň giň toplumy görkezilýär. Olaryň arasynda senagat we oba hojalyk enjamlary we olaryň ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş we elektron enjamlary, hojalyk harytlary hem-de dokma önümleri bar.
Bu sergi Aşgabadyň Türkiýe bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ol Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Serginiň ilkinji gününde köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklar Türkmenistanyň Türkiýe bilen hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini ýene bir gezek tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykdy
18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA
OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda ony ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek foruma çagyrdy diýip, TDH habar berýär.
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär
«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda nebit guýularyndan ugurdaş gazlaryny toplap, onuň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almak ugrunda iş alyp barýar.
26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda 26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler. Forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler diýip, guramaçylaryň saýtynda bellenilýär.