Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy AÖB-niň hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
11:33 03.10.2025 2291
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-niň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi we AÖB-niň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda 26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler. Forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler diýip, guramaçylaryň saýtynda bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda ony ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek foruma çagyrdy diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykdy
18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA
OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenbaşyda ulag boýunça maslahata gatnaşyjylar mälim boldy
30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň wekilleri 15-16-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahatyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.