«Ýaşyl» bilim — durnukly ösüşiň binýady
09:10 07.10.2025 2632
«Ýaşyl» bilim ýa-da durnukly ösüşiň bähbitlerini göz öňünde tutýan bilim adamlarda, esasan-da, ýaş nesillerde durnukly jemgyýeti gurmak hem-de abadan daşky gurşawy geljekki nesillere ýetirmek üçin zerur bolan bilimleri, başarnyklary, endikleri, gymmatlyklary we özüňi alyp barmagyň nusgalaryny kemala getirmeklige toplumlaýyn çemeleşmekligi maksat edinýär. Bu konsepsiýa, bir tarapdan, ekologiýanyň we durnukly ösüşiň esaslaryny öwrenmegi öz içine alýan bolsa, ýene bir tarapdan, bilim ojaklarynda ekologik taýdan arassa we netijeli energiýa çözgütleriniň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Tebigata jogapkärçilikli çemeleşmek we ekologik medeniýeti kemala getirmek «ýaşyl» bilimiň esasy jähetleridir. Şu maksat bilen howanyň üýtgemegi, tebigatyň baýlyklary we olary rejeli peýdalanmak, durnukly ösüş bilen bagly düşünjeler bilim berlişiniň ähli derejelerine ornaşdyrylýar. Munuň üçin okuw maksatnamasyna ýörite dersler girizilýär. Şeýle hem okuwdan daşgary işjeňlikler, köpçülikleýin çäreler yzygider guralýar.
Bilim beriş gurşawynyň özgerdilmegi «ýaşyl» bilimiň ýene bir jähedidir. Şunda durnukly ösüşiň nusgasy bolan «ýaşyl» mekdepleri ýa-da «ýaşyl» bilim ojaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. «Ýaşyl» bilim ýaş nesilleriň daşky gurşawyň abadançylygy babatdaky habardarlylygyny ýokarlandyrmak, tebigy serişdeleriň aýawly ulanylmagyna ýardam bermek, talyplara ekologik meseleleriň döredijilikli çözgütlerini işläp taýýarlamagy öwretmek ýaly wezipeleri öz içine alýar.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýaş nesilleriň ekologiýa bilimliligini we başarnyklaryny kämilleşdirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlere aýratyn üns berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň aprel aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Ýaşyl» mekdep» atly bilelikdäki maksatnamany durmuşa geçirmegi nazarlaýan özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigine şaýatlyk edýär. Bu maksatnama Merkezi Aziýa sebitinde öz ugrunda ilkinji bolup, oňa gatnaşýan mekdepleriň durnukly we energiýa taýdan ygtybarly okuw gurşawyna geçmegine gönükdirilendir. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi mekdep durmuşynyň ähli ugurlaryna durnukly ösüş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny, interaktiw bilim beriş işinden başlap, bilim ojaklarynyň energiýa taýdan ygtybarlylygynyň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hem «ýaşyl» bilim konsepsiýasy esasynda netijeli işleriň ýola goýlandygyny bellemek gerek. Häzire çenli ýurdumyzyň uniwersitetleriniň we institutlarynyň ençemesiniň degişli ugurda ýöriteleşen halkara reýtinglere girmegi hem munuň subutnamasydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň «ýaşyl» reýtingleri, ilkinji nobatda, olaryň Durnukly ösüş maksatlaryna we «ýaşyl» ykdysadyýete ygrarlydygyny, şol sanda bilim ojagynyň işine ekologik taýdan arassa tejribeleriň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Degişli ugurdaky halkara reýtingleriň iň meşhury «UI GreenMetric» reýtingidir. Indoneziýa uniwersiteti (UI) tarapyndan 2010-njy ýylda düzülip başlanan bu halkara reýting bütin dünýädäki ýokary okuw mekdepleriniň Durnukly ösüş maksatlary we ekologik abadançylyk ugurlaryndaky tagallalaryna esaslanylyp taýýarlanylýar. Şunda tebigy serişdeleriň dolandyrylyşy we energiýanyň netijeli peýdalanylmagy, galyndylary dolandyrmak ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ulaglaryň ekologik taýdan arassa görnüşleriniň peýdalanylmagy, okuw binasynyň çäklerinde «ýaşyl» infrastrukturanyň döredilmegi, ekologiýa ugurly bilim maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýaly jähetler göz öňünde tutulýar.
2024-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň «UI GreenMetric» halkara reýtingine girizilendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bütindünýä reýtinginiň ilkinji 500-ligine girip, tapawutlanmagy başarandyklary-da bellenilmäge mynasypdyr. Bilim ojaklary häzirki zaman infrastrukturasy hem-de bilim başlangyçlary esasynda ýokary baha eýe bolýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça bu reýtinge dünýäniň
95 ýurdundan ýokary okuw mekdepleriniň 1 müň 477-si girizildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli bilim ulgamy ösüşiň täze derejesine çykarylýar. Täze okuw binalarynyň halkara ekologiýa standartlaryna kybap gelmegi, olarda ýaşlaryň bu ugurdaky bilimlerini artdyrmaklary üçin oňyn şertler döredilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Mary şäherinde ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynda Gün panelleriniň, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň bolmagy ýurdumyzda «ýaşyl» energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Kerimmuhammet MUHAMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy bölüminiň hünärmeni.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.