Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen çagyrdy
12:18 09.10.2025 2390
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri 7-nji oktýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana saparynyň çäklerinde aýtdy.
“Milli Liderimiz Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy” diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, bar bolan mümkinçilikleri has doly derejede durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna möhüm orun degişlidir.
Söhbetdeşler ulag-logistika, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýär. Türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhynyň, däp-dessurlarynyň, diliniň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bu gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini, ýurdumyzyň bu çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýardygyny belledi.
Şeýle hem söhbetdeşler halyçylyk, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.