Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny aýtdy

14:51 10.10.2025 3105

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15268/original-168e8b2648a830.jpg

9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistanda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Täjigistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri gatnaşdylar.

Prezident Emomali Rahmon sammiti açyp, oňa gatnaşyjylara söz berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak dialogynyň medeniýetini, açyklygy we ynanyşmagy gaýtadan dikeltmegiň wajypdygyny belläp, bu wezipeleriň häzirki wagtda çylşyrymly bolandygyna garamazdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň bilelikde bu maksatlary gazanmaga ep-esli täsir edip biljekdigine ynam bildirdi.

Ulag ulgamy babatda durup geçmek bilen, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýandygyny aýtdy. "Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Energetika ulgamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, şeýle hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatda-da has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr. Döwlet Baştutany şu barada aýdyp, ýurtlarymyzyň bilelikde toplan, şeýle-de täze tejribeleriniň, ylmy-tehniki gazananlarynyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarynyň bardygyna ynam bildirdi.

Innowasion ulgamda Serdar Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa - Russiýa" formatynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň özara bähbitlilik esasynda senagat pudagyna, oba hojalyk toplumyna, şähergurluşyk, “akylly” şäherleri gurmak ulgamlaryna hyzmatdaşlaryň innowasion mümkinçiliklerini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň bilelikde köp meseleleri çözmeli ugurlarynyň biri diýlip atlandyryldy. Hazar deňziniň suw derejesiniň pese düşmegi, Araly halas etmek, senagatda we oba hojalygynda howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak çäreleri, daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly meseleler hem-de beýlekiler şolaryň hatarynda görkezildi.

Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhümdigi bellenildi. "Bu gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýar, geljek üçin berk esasy döredýär, ýurtlarymyzyň halklarynda, şol sanda ýaşlarda birek-birege hormat goýmagy terbiýeleýär. Biz bu oňyn meýilleri goldamalydyrys we höweslendirmelidiris" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly hyzmatdaşlyk formatynyň möhümdigine, onuň uly kuwwatynyň bardygyna berk ynanýandygyny tassyklady.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, çykyşda beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana iş sapary dowam edýär.

Başga makalalar
1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


1685ce39cb1ef8.jpg
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.


164d5eaf579f7d.jpg
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy

2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


16225a29a559b6.jpeg
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy

Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.