Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi

13:00 12.10.2025 3036

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15282/original-168ea19951852d.jpg

10-njy oktýabrda Täjigistana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi. Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, «GDA-nyň çäklerinde tagallalary we mümkinçilikleri gönükdirmegiň esasy ugry ykdysadyýetdir.)

Häzirki geoykdysady ýagdaýlarda guramanyň ykdysady, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, ony beýleki ýurtlar we birleşikler üçin güýçli hem-de peýdaly hyzmatdaşa öwürmek möhüm wezipedir. Onuň çözülmegi Arkalaşygyň içinde ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmek bilen bir hatarda, GDA-nyň Ýewraziýadaky ornuny pugtalandyrmaga, iri yklym, sebit we halkara taslamalara uzak möhletleýin esasda gatnaşmaga, döwrebap ulag, energetika infrastrukturasyny, senagat we tehnologik hyzmatdaşlyk guşaklyklary döretmäge mümkinçilik berer.

Şunda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasy esasy ugur görkeziji bolup durýar. Türkmenistan bu Strategiýa doly derejede durmuşa geçirilmeli, ýurtlarymyzyň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan hemişe goldanylmaly we oňa bilelikdäki ösüşiň hem-de hyzmatdaşlygyň strategik wezipesi hökmünde seredilmeli diýip hasaplaýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdi.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda Hazar deňzi mowzugynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy tötänden däldir. Maslahatda Hazar deňziniň üstaşyr-logistika kuwwatynyň ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogara, Russiýadan günorta tarapa — Eýrana, Hindistana, Pars aýlagynyň ýurtlaryna gidýän Ýewraziýa gatnawlarynyň esasy ýollary hut Hazar deňzi sebitiniň üstünden geçer.

Arkalaşygyň ýurtlary Hazar logistika merkezini döretmäge doly derejede gatnaşmalydyrlar, özara bähbitlilik we ylalaşyk esasynda bu taslamada öz orunlaryny pugtalandyrmalydyrlar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň munuň üçin ýardam bermäge, Hazar deňzindäki port infrastrukturasyny umumy bähbitlere ulanmak mümkinçiligini hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýurdumyz özara söwda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda senagat, tehnologik zynjyrlary döretmek, bilelikdäki önümçilik taslamalaryny işläp taýýarlamak ýaly hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşligiň barha artýan şertlerinde biz — GDA döwletlerine ösüşimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin kepilliklerini üpjün etmek, taryhy, düzümleýin artykmaçlyklarymyzy ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň berk we netijeli nusgalaryny döretmek zerurdyr. Tehnologiýalar we innowasiýalar GDA-nyň ykdysady ösüşiniň hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns bermek, tehnologik hyzmatdaşlyga girişmek, bilim hem-de tejribe alyşmalary yzygiderli esasda ýola goýmak zerur diýip hasaplaýarys. Bu prosesde GDA-nyň çäklerindäki ylmy-tehniki dialoga esasy orun berýäris. Arkalaşygyň degişli düzümlerine GDA-nyň ylmy-tehniki, tehnologik ugurly edaralarynyň ornuny pugtalandyrmaga işjeň ýardam bermegi, olaryň hökümetara we pudagara dialoga gatnaşmagyny hem-de çözgütleri kabul etmegini höweslendirmegi tabşyrmaly diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Başga makalalar
1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


1685ce39cb1ef8.jpg
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.


164d5eaf579f7d.jpg
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy

2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


16225a29a559b6.jpeg
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy

Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.