ADNOC “OGT 2025” maslahatynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen aragatnaşyklaryny berkidýär
18:07 22.10.2025 5370
2024-nji ýylda XRG halkara maýa goýum energiýa kompaniýasyny esaslandyran ADNOC kompaniýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2025) özüniň iň iri wekiliýeti bilen gatnaşar. Kompaniýanyň gatnaşmagy giň interaktiw diwarlygy görkezmegi, Brilliant derejesindäki resmi hemaýatkärlik statusyny hem-de ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny öz içine alýar. Şu ýyl 30-njy gezek geçirilýän bu halkara forum 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilýär.
ADNOC-nyň gatnaşmagy OGT 2025-iň energetika hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça öňdebaryjy halkara meýdança hökmünde ähmiýetini tassyklaýar. Şeýle-de bu çäre XRG kompaniýasyna ADNOC-nyň dünýä derejesindäki jogapkär lider hökmünde mirasyny dowam etdirmäge, dünýäniň ösüşi üçin energiýa üpjün etmäge, hyzmatdaşlara gymmatlyk döretmäge we durnukly ösüşe goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
ADNOC we XRG üçin möhüm ýyl
XRG kompaniýasy ADNOC-nyň jogapkärli we yzygiderli maýadary bolup, paýdarlara, Birleşen Arap Emirliklerine we halkara hyzmatdaşlara, şol sanda Türkmenistana uzak möhletli gymmatlyklary döretmäge gönükdirilendir.
Kompaniýanyň Türkmenistandaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky ygrarlylygy şu ýylyň maý aýynda tassyklanyldy. Şonda XRG, «Türkmnnebit», «Hazarnebit» döwlet konsernleri we PETRONAS kompaniýasy bilen önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk (PSA) çäginde deňizde ýerleşýän 1-nji gaz böleginiň 38% paýyny satyn aldy. Bu bolsa ADNOC-nyň Hazar sebitindäki işleriniň möhüm giňeldilmegi boldy.
Bu geleşik, «Türkmengaz» bilen bilelikdäki gaz ulanmagy öz içine alýar we kompaniýanyň döredileni bäri amala aşyran bäş sany üstünlikli halkara gaz taslamasynyň biri boldy. Uzak möhletli bu hyzmatdaşlyk BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkidýäÖdr hem-de geljekdäki hyzmatdaşlygyň esasyny döredýär.
400 million standart kub fut tebigy gaz öndürýän 1-nji gaz bölegi, 7 trillion kub futdan gowrak çykarylyp bilinýän ätiýaçlyk serişdelerine eýe bolup, ösüş üçin uly mümkinçiliklere açykdyr. Bu taslama energiýa howpsuzlygyny güýçlendirýär, ykdysady ösüşi höweslendirýär we ýerli jemgyýet üçin uzak möhletli peýda döredýär.
Ýakyn aýlarda ADNOC Aşgabatda täze ofisini açmagy meýilleşdirýär. Bu ofis hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we innowasiýalary ösdürmegiň merkezi bolar.
ADNOC-nyň beýleki halkara taslamalary
XRG arkaly ADNOC dünýäniň iň iri suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) taslamalarynyň biri bolan Rio Grande (ABŞ) taslamasyna gatnaşýar, Mozambikdäki Rowuma basseýninde maýa goýum edýär, şeýle hem Müsürde Arcius Energy atly tebigy gaz çykaryş boýunça bilelikdäki kärhanany döredýär. Bu başlangyçlar ADNOC-nyň Türkmenistandaky hyzmatdaşlygyny hem dolduryp, tebigy gaz we LNG boýunça durnukly, diwersifikasiýalaşan halkara portfeli emele getirýär.
OGT 2025-niň maksatlaryna laýyklykda
Briliant derejesindäki hyzmatdaşlyk, OGT 2025-niň halkara gatnaşygynyň rekord derejesine taýýarlanýan döwründe amala aşyrylýar. ADNOC-nyň gatnaşmagy foruma aýratyn ähmiýet berýär we gaz pudagynyň, energiýa howpsuzlygynyň hem-de durnukly ösüşiň global energiýa geçişindäki ornuny nygtaýar.
Kompaniýanyň esasy gymmatlyklary — ygtybarlylyk, hyzmatdaşlyk we innowasiýa — «Energiýa. Täzelikler. Ösüş.» atly maslahat mowzugyna doly laýyk gelýär.
Resmi hyzmatdaş hökmünde ADNOC infrastruktura ösüşi, diwersifikasiýa we sebitleýin üpjünçilik meselelerine bagyşlanan strategik maslahatlaşmalara gatnaşyp, Türkmenistanyň uzak möhletli maýa goýumlary çekmek hem-de energiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrundaky tagallalaryny goldar.
Geljegi bilelikde gurmak
Hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanyp, ADNOC energiýa howpsuzlygyny berkitmäge, tehnologiýalary paýlaşmaga we infrastruktura ösüşine ýardam bermäge çalyşýar. Bu hem Türkmenistanyň gaz mümkinçiliklerini giňeltmäge, hem-de dünýä boýunça energiýa üpjünçiliginiň diwersifikasiýasyna goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
OGT 2025 halkara energiýa liderlerini birleşdirýän mahaly, ADNOC öz tejribesini paýlaşmaga we umumy maksada — Türkmenistanyň hem-de tutuş dünýäniň durnukly energiýa geljegini üpjün etmäge — goşant goşmaga taýýar.
Giňişleýin maglumat üçin resmi saýta girip bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com
(Makala OGT – 2025-niň guramaçylary tarapyndan taýýarlanyldy)
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.