Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
09:57 08.11.2025 1197
Şu gün Türkmenistandan goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi bilen kerwen ugrady. Dört sany ýük awtoulagy serhetýaka Kerki şäheriniň ugruna ýola düşdi, şol ýerden hem ýük owgan halkyna gowşurylar.
Ýakynda bolup geçen ýertitremesinden ejir çekenler üçin niýetlenen kömegiň düzümine ilkinji zerurlyk harytlary: derman we lukmançylyk serişdeleri, tekstil we azyk önümleri girýär.
Ynsanperwerlik çäresi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyrygy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guraldy.
Kömek, ýurt üçin kyn döwürde doganlyk halka, ilkinji nobatda çagalara goldaw bermäge gönükdirilendir.
Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek — Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşygyň üns merkezinde
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýet bilen duşuşygynda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň energetika ministri bilen energetika we gaz pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredow bilen Eýranyň Energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we gaz pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» Halkara maslahaty 18-20-nji iýulda geçiriler
18-20-nji iýulda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» Halkara maslahaty geçiriler. Forumyň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş boýunça ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşmak, halkara daşamalar ulgamynda täze şertlere uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
16-njy dekabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Mohammed Barkindo: erkin çykaryş kuwwatlyklary taryhda iň pes ýagdaýda, syýasy çözgütler zerur
Gazylyp alynýan ýangyçdan el çekmäge çagyryşyň netijesinde pudaga doly maýa goýmazlyk zerarly 62 ýyllyk taryhyň dowamynda OPEC ýurtlarynyň erkin çykaryş kuwwatlyklary iň pes ýagdaýda, bazarda nebit ýetmezçiliginiň meselesini çözmek üçin syýasy çözgütler zerur. Bu barada OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindo 5-nji iýulda Nigeriýadan geçen maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda belledi. Görlüp oturylsa, bu Mohammed Barkindonyň köpçüligiň öňünde iň soňky çykyşy boldy. Ol şol gün gije aradan çykdy.