Wodorod — geljegiň «ýaşyl» energiýasy
09:10 18.11.2025 2648
Ekologiýa taýdan arassalyk, energiýa babatda netijelilik we köpugurlylyk wodorod energetikasynyň esasy artykmaçlyklarydyr. Ýangyç hökmünde ýakylanda zyýanly maddalaryň howa taşlanmaýanlygy, galyndy hökmünde diňe suwuň bölünip çykmagy onuň ekologik taýdan arassadygyny tassyklaýar. Wodorod ýangyjynyň peýdaly täsir koeffisiýentiniň 65 göterime çenli ýetmegi degişli görkezijisi 33 — 35 göterime barabar bolan beýleki ýangyçlardan has netijelidigini aňladýar. Onuň köpugurlylygy bolsa diňe bir ulaglar üçin ýangyç däl-de, elektrik energiýasyny almak we saklamak üçin hem peýdalanylyp bilinýänligi bilen baglydyr.
Aslynda, wodorod (H) diňe bir Ýer ýüzünde däl-de, tutuş älemde iň köp ýaýran element bolup durýar. Ýöne adaty şertlerde ol wodorod (H) görnüşinde-de, gaz halyndaky wodorod (H2) görnüşinde-de duş gelmeýär. Ol beýleki organiki birleşmeleriň düzüminde, mysal üçin, suwuň düzüminde (H2O) duş gelmek bilen, aňsat reaksiýa girýär. Şeýle reaksiýa wagtynda wodoroddan we howadan suw emele gelende bölünip çykýan energiýany elektrik togy hökmünde ulanmak mümkin. Bu reaksiýany elektrik energiýasynyň senagat önümçiliginde peýdalanmak üçin elektroliz arkaly atomlary kisloroda we wodoroda bölmek ýoly bilen suwdan wodorod alynýar.
Häzirki wagtda wodorody senagat taýdan öndürmegiň birnäçe usullary peýdalanylýar. Suwuň elektrolizi usuly arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kömegi bilen öndürilýän «ýaşyl» wodorod bu ugurda iň arassasy hasaplanýar. Şeýle hem wodorod öndürilýän çig malyna we ýakylanda bölünip çykýan galyndylara laýyklykda, «gök», «sary», «çal» we beýleki reňklere bölünýär. Dünýäde öndürilýän wodorodyň uly bölegi tebigy gazdan alynýar. Soňra nebit, kömür we elektroliz usuly arkaly suwdan alynýan ýangyçlar agdyklyk edýär. Tebigy gazdan wodorod öndürmek baha babatda amatly, ykdysady taýdan has bähbitli hasaplanýar.
Bu günki gün dünýäniň ösen döwletlerinde ekologiýa taýdan arassa ýangyç boýunça strategiýalar işlenip taýýarlanylyp, olarda wodorod önümçiligine aýratyn üns berilýär. Statistik maglumatlara görä, häzirki wagtda bütin dünýäde her ýylda 75 million tonna golaý wodorod arassa görnüşde, şeýle hem 45 million tonna barabar gaz garyndysynyň düzüminde öndürilýär. Bu bolsa dünýä derejesinde energiýa bolan umumy islegiň 3 göterimine golaýyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda Germaniýa, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, ABŞ ýaly ýurtlar öňdebaryjy orunlary eýeleýär. «Ýaşyl» wodorod häzirki günde uglerod galyndylaryny azaltmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek boýunça bütindünýä strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Halkara energetika agentliginiň (IEA) bilermenleriniň çaklamasyna görä, 2030-njy ýyla çenli wodorod ýangyjyny öndürmegiň bahasy pesinden 30 göterim arzanlar.
Energiýa serişdesi hökmünde wodorodyň peýdalanylmagy gazylyp alynýan uglewodorod ýangyçlaryny düýpli azaltmakda, awtoulaglaryň çykarýan adam saglygyna zyýanly bolan gazlary bilen howanyň hapalanmagy ýaly ekologik meseläni çözmekde örän bähbitlidir. Nebit we kömür ýaly energiýa göterijileriň bahalarynyň ýokarlanmagy, olaryň gorlarynyň çäkli bolmagy we bütin dünýäde birsydyrgyn ýaýramazlygy wodorod ýangyjynyň geljekde köp döwletlere energetika garaşsyzlygyny üpjün etmäge ýardam edip biljekdigini aňladýar.
Wodorod energetikasynyň ykdysady taýdan uly mümkinçilikleriniň bardygyny hem bellemeli. Ýükleri uzak aralyklara eltmekde we agyr ýükleri daşamakda ekologik taýdan arassa ýangyç hökmünde wodorod peýdalanylyp biler. Meselem, 1 kilogram wodorod nebitiň şol möçberinden 3 esse köp energiýa almaga mümkinçilik berýär.
Wodorody parnik gazlaryny emele getirmezden, senagatda önümçilik we durmuş ulgamynda binalary ýylatmak ýaly ugurlarda netijeli ulanmak bolýar. Daşky gurşaw üçin howpsuz bolmagy ony ulanmagyň ägirt uly geljeginiň bardygyny şertlendirýär.
Ýurdumyzda hem geljegi uly ugur hökmünde wodorod energetikasyny ösdürmekde uly tagallalar edilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy boýunça merkez hereket edip, onda netijeli işler alnyp barylýar. Bu merkezde wodorod energetikasy boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de okuw-ylmy tejribehanasyny döretmek maksadyndan ugur alnyp, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen bilelikde degişli işler geçirilýär. Şeýle-de bu ýerde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Energetika ministrliginiň wekilleri üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary geçirilýär. Ýakynda bu merkezde elektroliz usuly arkaly geçirilen ylmy-barlag işleriň netijesinde suwdan «ýaşyl» wodorod energiýasynyň alynmagy, şeýle hem plazmohimiki innowasion usuly ulanmak bilen, tebigy gazdan wodorod ýangyjyny almagyň barlaghana enjamynyň döredilmegi uly öňegidişlikdir.
Şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri hem energiýanyň baha babatda amatly we gaýtadan dikeldilýän çeşmesi hökmünde «ýaşyl» wodorod almagyň usullaryny işläp taýýarlamakda uly işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde hem Gün energiýasyndan peýdalanmak arkaly elektroliz usulynda wodorod almak we beýleki usullarda tejribeleri geçirmek babatda işler üstünlikli alnyp barylýar.
Türkmenistanda geljegiň ýangyjy hökmünde wodorodyň senagat önümçiligini üstünlikli ilerletmäge uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyz wodorod almak üçin esasy energiýa serişdesi bolan tebigy gazyň baý gorlaryna eýedir. Şeýle hem Hazar deňziniň kenaryndaky, Garagum sährasyndaky ýel ýa-da Gün energiýasy elektroliz almaga mümkinçilik berýän çeşmeler bolup hyzmat edip biler.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz wodorod energetikasyny ösdürmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly ähmiýet berýär. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda hem bu ugurda möhüm başlangyçlar öňe sürüldi. Forumyň umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiz çuňňur mazmunly çykyş edip, öňe süren başlangyçlarynyň hatarynda 2030 — 2040-njy ýyllar döwri üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmegiň hem bolmagy bu hakykaty tassyklaýar.
Ýagmyr ATAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjisi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.