Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady

19:54 03.12.2025 865

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15768/original-1692e91ecdc4f1.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň milli baýramy — Döwletiň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de onuň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutany hatynda nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, BAE-niň doganlyk halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda medet bersin!” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Başga makalalar
161f7801a7ee20.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzy ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin Maksatnamasynyň taslamasy hödürleniler

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.


1646f0d12aba3f.jpg
Demirgazyk Goturdepe känindäki nobatdaky guýudan nebitiň kuwwatly akymy alyndy

Demirgazyk Goturdepe käninde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň işgärleri tarapyndan ýakynda burawlanan № 392 guýusyndan kuwwatly nebit akymy alyndy.


167e0fa9b7dd9d.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň işewürleri ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.


167dff845f0edf.jpg
Prezident Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

22-nji martda ýurdumyzda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.


161f780e63d9be.jpeg
«Türkmengaz» DK gazyň çykarylyşyny we eksportyny artdyrmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin CNPC bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar

«Türkmengaz» döwlet konserni türkmen tebigy gazynyň çykarylyşyny we eksport möçberlerini artdyrmak maksady bilen, «CNPC» kompaniýasy bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.