Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda iki aýyň jemlerine garaldy
18:10 07.03.2026 4076
7-nji martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini, ulgamyň işini kämilleşdirmekde, döwrüň gazananlary esasynda ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, şonuň netijesinde pudagyň öňünde möhüm wezipeleriň kesgitlenendigini belledi. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri yzygiderli güýçlendirmek, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin netijeli işleri alyp barmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr.
Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, geologik-gözleg işlerinde sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak, toplumy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler.
Hasabat ýygnagynda nebitgaz toplumynda ileri tutulýan ugurlar, täze ýataklary gözlemek we açmak, iri taslamalary durmuşa geçirmekde täze tehnologiýalary öwrenmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, toplumyň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek we beýleki wajyp wezipeler dogrusynda aýratyn nygtaldy.
Wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda meýilleşdirilýän we alnyp barylýan iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, onda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini bellemek bilen «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärlerine zähmet üstünliklerini arzuw edip, anyk wezipeleri kesgitledi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.